Gadymy Eyran medeniyeti
Taryhy-medeni ýadygärlikler. Monumental binagärlik we heýkeltaraşlyk. Eýran gadymy gündogar medeniýetiniň dörän ýerleriniň biridir. Uzak dowam eden taryhynyň dowamynda Eýranda ençeme siwilizasiýalar we medeniýetler döräpdir. Her bir ýurduň ruhy hem-de medeni durmuşynyň ösmegine özara baglanyşyk we gatnaşyk öz täsirini ýetirýär. Eýran Mesopotamiýadan pahna ýa-da şine hat-ýazuwyny, Assiriýadan bolsa binagärlik sungatyny kabul edip alypdyr. Eýranyň çäklerinde geçirilen arheologik gazuw-agtaryşlar hem-de häzirki wagta gelip ýeten taryhy-medeni ýadygärlikleriň öwrenilmegi ýurduň çäginde baryp gadymy döwürlerde ýokary derejede ösen ençeme siwilizasiýalaryň we medeniýetleriň bolandygynyň üstüni açdy. Ahemenileriň agalyk eden döwri Eýran medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösen zamany bolupdyr. Eýran şalary bolan Dariniň we Kiriň döwründe ýurduň medeniýeti, medeni taýdan özgerişi özüniň iň ýokary ösüş derejesine ýetipdir. Medeniýetiň ösüşi iki ugur arkaly, ýagny dini ideýalary hem‑de beýik hökümdarlaryň güýç-kuwwatyny, gahar-gazabyny, men‑menligini, olaryň binagärlik we heýkeltaraşlyk sungatyndaky gazananlaryny beýan etmek bilen baglanyşdyrylypdyr. Hut şuňa görä-de, gadymy eýran sungatynyň ösüş ugry, esasan binagärligi we amaly-haşam sungatyny ösdürmäge gönükdirilipdir. Bu sungatyň çäginde bolsa esasy üns medeni ojaklar hem-de merkezler bolan şäherlere berlipdir. Şeýle şäherlere, ozaly bilen, dürli wagtlarda şadöwletiň paýtagtlary bolan Pasargad, Suzy we Persepol şäherleri degişli bolupdyr. Gadymy Eýranda Ahemeniler neberelerinden bolan patyşalaryň gurduran iň täsin, ajap haşamlanan desgalaryň biri ýurduň soňky paýtagty Persepoldyr. Gurluşykçylar köşk ulgamlaryny gurmak üçin iň gymmat, owadan daşlary, üýtgeşik agaçlary, simu-zerleri ulanypdyrlar. Desgalaryň diwarlarynyň ýüzi dürli owadan reňkler bilen suwalypdyr, esgerleriň, ruhanylaryň, haýwanlaryň güberçekli keşpleri bilen bezelipdir. Şeýle gözelligiň bary eýran patyşalarynyň güýç-kuwwatyny we hökmürowanlygyny beýan etmek üçin döredilipdir.
«Jemşidiň tagty» (Tagty‑Jemşit). Gadymy Eýran binagärlik sungatynyň ajaýyp nusgalarynyň biri-de «Tagty-Jemşit» (Taht-e Jemşid) köşkler toplumydyr. Ahemeniler neberelerine degişli bolan bu kaşaň köşk ulgamynyň gurluşygyna Dariý patyşanyň döwründe (miladydan öňki 521-nji ýylda) başlanyp, onuň gurluşygy 150 ýyllap dowam edýär. Köşgüň tutýan meýdany 125 müň inedördül m-e barabardyr. Bu binalar toplumynda degişi Apadana köşgi, Dariniň köşgi, 100 sütünli köşk, «Tagty-Jemşit» hazynasy, Suraň köşgi, Ardaşir II-niň we Ardaşir III-niň köşkleri, Haşaýar şanyň (Kserks I) köşgi ýaly binalardyr desgalar ýerleşipdir. Ajaýyp köşkleriň biri-de Pasargaddaky Kiriň Murýab jülgesinde ýerleşen köşgüdir. Bu köşgüň tutýan meýdany 2620 inedördül m-e barabar bolupdyr. Köşgüň gündogar böleginde başga bir desga ýerleşip, onda ganatly adamyň güberçekli keşbi çekilipdir. Ybadathana bolan bu köşk gadymy binalaryň biridir. Köşgüň hakyky ady «Parsagad» bolup, ol «sežde edilýän ýer», «çokunylýan ýer» diýen manyny aňladypdyr.
Gadymy Eýranda kümmetleriň gurluşygyna-da uly üns berlipdir. Şeýle desgalaryň biri Murýab jülgesinde ýerleşen Kiriň kümmetidir. Bu desga düýbi dörtburçly üsti-üstüne goýlan alty gat uly daş bölekleriň üstünde gurlan, boýy 11 metre barabar bolan bir öýli jaýdyr. Kir jaýlananda zoroastrizm däbine eýermändir. Däbe görä, merhumyň jesedi ýörite ýere eltilip, ite-guşa şam bolsun diýip goýulýar. Kiriň jesedi bolsa mumiýalanylyp, ýörite boşlugyň içinde jaýlanýar. Gadymy eýran patyşalary öz adyny ebedileşdirmek üçin dagyň gaýasyny çapdyryp, ýadygärlik ýazgylaryny etdiripdirler. Şolaryň biri Ahemeni patyşasy Haçaýaryň hökümdarlyk eden döwründe Hemedanyň golaýyndaky Elwent dagynyň gaýasynyň ýüzi çapylyp ýasalan «Genç nama» ýazgylarydyr. Ýazgylar üç sütünde ýerleşdirilip, olaryň her birinde gadymy pars, wawilon we elam dillerinde 20 setirden ybarat bolan ýazgylar edilipdir. Şol ýazgylaryň birinde: «Ahuramazda – beýik Hudaý, ol asman-zemini ýaratdy, adamlaram, olaryň şatlygydyr begenjinem döretdi, köpleriň arasyndan Darini saýlap patyşa etdi, adamlara hökümdar belledi. Dariý – beýik patyşa, patyşalaryň patyşasy, ýer ýüzüniň hökümdary» diýen setirler bar. Pasargaddaky gözel binalaryň beýleki biri patyşa apadanasy – kabulhanasydyr. Ol 4000 ga meýdany tutup, ony her biriniň boýy 18 metre barabar bolan 72 sany sütünler bezäpdirler. Bu desganyň golaýynda gurlan hazyna jaýy hem täsin bina bolup, onda patyşalaryň ähli gymmatlyklary goýlupdyr. Hazyna baglylygynyň ýazgylarynda Isgender Zülkarneýiniň Eýrany basyp alandan soň, ýurduň baýlyklaryny 3000 düýä ýükläp, Gresiýa iberendigi barada aýdylýar. Eýranyň taryhy ýadygärlikleri henize-bu güne çenli görenleri haýran galdyryp gelýär. Beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragy hem şol binalary görüp: «Isgender, Jemşit saldyran, beýik binalar görner» diýip ýazypdyr.
Bisütün ýazgylary. Eýranda patyşalar tarapyndan çykarylan permanlar, buýruklar, resminamalar, hatlar, taryhy ýazgylar saklanyp galypdyr. Olardan Bisütün ýazgylaryny görkezmek bolar. Bisütün ýazgylary Hemedandan Bagdada gidýän ýoluň ugrundaky dag gaýasynyň ýüzüne oýulyp ýazylypdyr. Onda Dariý I we onuň şanly ýeňişleri şöhratlandyrylypdyr, ýurtlaryň birnäçesiniň atlary, bolup geçen wakalar barada maglumatlar berlipdir.
Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 11-njy synplar üçin “Dünýä Medeniýeti” dersi boýunça okuw kitaby

Sozleyiş medeniyeti! (Geplesik esasynda yazyldy)
«Sözleýiş» adalgasy giň manyly söz bolup, ol dil biliminde gürlemek ukyby, sözlemek endigi, aýratynlygy diýen ýaly manylarda ulanylýar. Ol kähalatlarda geplemek, gürlemek diýen ýaly sözler bilen ugurdaş hem ulanylýar. Türkmen dili örän baý dilleriň biri bolup, onda öz pikiriňi, duýgy-düşünjäňi beýan etmek üçin giň mümkinçilikler bar. Mysal üçin, «seretmek» diýen düşünjäni onlarça manydaş sözleriň üsti bilen aňlatmak mümkin. Seretmek, garamak, bakmak, äňetmek, esetmek, görmek, gözlemek, çiňňermek, tiňkäňi dikmek, jikgermek we ş.m. Ýöne şu sözleriň hemmesi seretmek düşünjesini aňladýan-da bolsa, sözlemiň stili, ulanylýan ýeri bilen bagly olaryň ýerliklisini saýlap almagy başarmaly. Sözleýiş medeniýeti her bir sözüň manysyna dogry düşünmegi we ony ýerlikli ulanmagy hem-de edebi dilde aýdylmagyny talap edýär. Öz pikirini, duýgy‑düşünjesini beýan etmek üçin, her kimde başarnyk, söz baýlygy, dilewarlyk, ukyp, şeýle-de diňleýjini özüňe çekmek üçin ses belentligi gerek. Hiç bir adamyň sesiniň başga adamyň sesine meňzemeýşi ýaly, olaryň sözleýşi, beýan edişi-de biri‑birine meňzeýän däldir. Mysal üçin, «Şükür bagşy» filminiň mazmunyny on sany okuwçy gürrüň berse, olaryň hersi öz söz baýlygyna, gürrüň beriş ukybyna laýyklykda aýdyp berer. Türkmen halky söz sungatyna, dilewar adamlara uly sarpa goýupdyr. Ependi, Myraly, Esenpolat, Babalakgy, Kemine, Ata Köpek ýaly söz ussatlarynyň atlaryny dilden-dile geçirip, biziň günlerimize çenli ýetiripdirler. Häzir olaryň ady tutulan ýerinde adamlaryň ýüzlerinde biygtyýar ýylgyrma peýda bolýar. Olar özleriniň gepe çeperligi, suhangöýlügi, dil serişdelerini örän ýerlikli peýdalanyp bilişleri bilen özlerini şöhratlandyrypdyplar. Elbetde, olaryňky ýaly dilewarlyk, gepeçeperlik her adama berilmändir, ýöne sypaýy, süýji dilli bolmak, medeniýetli sözlemek özümize bagly.
Çeper eserleri köp okamak adamyň sözleýiş medeniýetine örän uly täsir edýär. Sözleýiş medeniýetinde adamlaryň biri-birine aýdýan hoş sözlerine «jadyly sözler» hem diýilýär. Dogrudan-da, ertiriňiz haýyrly bolsun, gijäňiz rahat bolsun, armaweriň, sag boluň, minnetdar, bagyşlaň, taňryýalkasyn, ýagşy bolýaňyzmy, hoş geldiňiz, gelip duruň, ýoluňyz ak bolsun, işdäňiz açyk bolsun, gutly bolsun diýen sözleri köp ulanýan adamy hemmeler sylaýarlar. Olara hiç kim medeniýetsiz adam diýip bilmez. Gadymy lukmançylykda «Keseli dil bilen, bolmasa gül bilen, onda-da bolmasa, tyg bilen» diýen aýtgy bar. Bu aýtgy näsagy ýagşy söz bilen bejermeli, bolmasa dermanlyk ot-çöpler bilen, halys bolmadyk ýagdaýynda tyg (skalpeli) ulanmaly diýen many berýär. Näsaga hoşamaý söz aýtmagyň oňa nähili täsir edýändigini biz öz durmuşymyzda häli-şindi görýäris. Öz pikiriňi sowatly, salyhatly beýan etmegi ýaşlykdan özüňe endik etmeli. Öz gepiň dogrulygyny subut etjek bolup, sesiň ýetdiginden gygyryp gürlemeli däl.
Märekä baranyňda özüňden ulular bar bolsa, bir zat soralmasa, kän gürlejek bolmaly däl. Beýik dana Magtymguly Pyragynyň:
Aklyň bolsa, märekede az sözle,
Köp söz seni il içinde har eýlär – diýen setirleri, esasan, ýaşlara degişlidir.
Gadymy zamanlarda Babalakgy diýen dilewar, gepe çeper adam ýaşapdyr. Ol toýuň-meýlisiň bezegi hasaplanypdyr. Adamlar ony ýörite çagyryp, gürrüňini diňläpdirler. Bir jahyl dilewarsyrap: «Baba aga, ýüz geplän öler» diýipdirler welin, siz-ä her meýlisde müň gürleseňizem öleňzok» diýip, ony utandyrjak bolupdyr. Onda Babalakgy: «Inim, men märekäniň halajak gürrüňini edýän. Eger seňiň agzyň bilen gürlän bolsam, ýüz-ä däl, elli gep aýtmankam öldirdiler» diýipdir. Ata-babalarymyz sözi keramatly zat hasaplapdyrlar. Şonuň üçin-de «Seresap bolup sözleseň, dildir başyň galasy, biseresap gürleseň, dildir başyň belasy», «Ýagşy söz ýylany hinden çykar, ýaman söz pyçagy gyndan» diýen ýaly nakyllar döräpdir. Şeýle-de öz ene diliňi içgin öwrenmäge çalyşmaly. Her bir sözüň manysyny, dogry aýdylyşyny öwrenmeli. Öz sözleýşiňizde atalar sözünden ýerlikli peýdalanmaly. Toý ýerinde, ýas ýerinde gürleşmegiň öz aýratynlygy bardyr. Sözi öz manysynda, ýerinde dogry ulanyp bilmezlik ýa‑da oňa dogry düşünmezlik medeniýetsizligiň, sowatsyzlygyň alamatydyr. Mysal üçin, aşakdaky «Wagtynda bilen ýagşy» (B. Gulow) atly hekaýada «Panydan baka gitmek», «Ýerine gelmek» ýaly durnukly söz düzümleriniň manysyna düşünmezlik gülkünç ýagdaýlara eltýär. «Myşşy suwly ýabyň bärsinden öý eýesiniň adyny tutup gygyrdy:
– Akmämmet aga, haý, Akmämmet aga! Öýden bir garry aýal hasanaklap çykdy. Bu Akmämmedi soraýan kimkä? Ýa ýerine gelenmikä bu? Myşşy duran ýerinden kempire gygyrdy.
– Akmämmet aga ýokmudy?
– Wiý, o pahyr-a panydan baka gidendir.
Myşşy diňşirgenip, birsalym durdy-da:
– Haçan gelerkä? – diýip gygyrdy. Onsoň jogaba-da garaşman:
– Haçan gelse, aýdyň, gelnejemler toý edýä. Şoňa barawersin! – diýdi-de, tigrini münüp gaýdyberdi. Ýolboýy bolsa towuk çopanyň aýalyna hüňürdäp geldi:
– Haý, kempir, «Ýerine gelenmikä bu?» diýen bolup, ärini towuk çopanlykdan aýrandyrlar-da, menem şoň ýerine iberendirler öýdýärmikä? Bu adamlar indi öz işini taşlap, towuk bakar-ow».
Kähalatda edepli diýdirjek bolup, öte geçilýän ýerleri‑de bar. «Çagalar, «Armaweriň!» diýen sözi köp eşidýänsiňiz. Meniň şeýle bir waka ýadyma düşýär. Pagta meýdany. Ýygymçylar ak gar ýaly sümekleri hanasyndan tirip barýarlar. Edil şol mahal olaryň ýanyna bir oglanjyk gelýär. Ol ýygymçylara ýüzlendi:
– Armaweriň! Ýygymçylar bolsa ýerli-ýerden:
– Bar boluň! – diýip seslendiler. Şonuň bilen baglanyşykly ýene bir wakany ýatlasym gelýär. Ýygymçylar arakesmä çykypdylar. Olar çaý-çörek iýip, küşt oýnaýardy. Meýdan düşelgesi ala-ýazdy. Şol mahal başga bir oglanjyk gelip: – Armaweriň! – diýip ýüzlendi. Muňa hiç kim baş galdyrmady. Olar oglany welin edepsizlikde aýypladylar».
XI asyrda ýaşap geçen Keý-Kowus özüniň «Kowusnama» kitabynda söz edebini dört topara, ýagny birinjisi – bilinmegem we aýdylmagam gerek däl söz; ikinjisi – bilinmegem, aýdylmagam gerek söz; üçünjisi – gürrüň berilse bolýan, emma bilmeklik hökman däl söz; dördünjisi bolsa bilmeli-de, gürrüň bermeli-de däl sözdür. Şu öwütden ugur alyp, köpçülikde näme hakynda gürrüň edip bolýar, näme hakynda gürrüň edip bolmaýandygyny seljermelidir. Sözlemleriňiziň arasyny başga dilleriň sözleri bilen dürüşde etmek ýa her sözlemiň arasynda ýerliksiz gülüp, gerekmejek sözler goşup, elleriňi kelemenledip oturmak edepsizlik hasaplanýar. Köpçülikde gürlemek nobaty berilse, hökman jemagatyň düzümine seretmeli we şoňa laýyk sözlejek bolmaly. Her bir sözüň öz aýdylyş äheňine, tärine üns bermeli, ony aýtmagyň ebeteýini tapmaga çalyşmalydyr. Göräýmäge aýdylan gepiň manysy birdirem weli, diňleýjä tesir edişi dürli-dürlüdir. «Kowusnamada» şeýle hekaýat berilýär. Abbasylaryň bäşinji halyfy Harun ar-Reşit bir düýş görüpdir. Düýşünde onuň ähli dişleri dökülipdir. Ertesi ol ähli tagbyrçylaryny (düýşi ýorujylar) ýygnap, gören düýşüniň ýorgudyny sorapdyr. Tagbyrçylaryň biri «Siziň kowum-garyndaşlaryňyzyň hemmesi ölüp, ýanyňyzda hiç kim galmaýar» diýýär. Bu jogap Harun ar-Reşidiň gaharyny getirýär we tagbyrça ýüz çybyk urdurýar. Gezek beýleki tagbyrça ýetýär. Ol: «Siz ähli dogangaryndaşlaryňyzdan köp ýaşarsyňyz» diýýär. Göwnühoş bolan Harun tagbyrça ýüz tylla berip: «Tagbyr şol bir tagbyrdyr, ýöne onuň aýdylyşynda uly tapawut bardyr» diýýär.
Soňky wagtlarda tehnikanyň ösmegi netijesinde adamlaryň arasyndaky söz gatnaşygynda, telefon, internet, faks ýaly tehniki serişdeler köp ulanylýar. Olaryň arasynda telefon aragatnaşygy has-da giň ýaýrady. Ykjam telefonlaryň üsti bilen dürli künjekdäki adamlar bilen gürleşip ýa‑da maglumat alşyp bolýar. Emma mekdep okuwçylarynyň arasynda bu enjamy ýerlikli ulanmagyň edep kadalarynyň bozulýan ýagdaýlaryna gabat gelmek bolýar. Awtobuslarda töweregindäki adamlary sylaman, telefonda gödek gepleşmek ýa-da gaty ses bilen aýdym aýtdyrmak görümsizligi, göterimliligi, biedepliligi aňladýar. Käwagt okuw otaglarynda sapak diňlemegiň ýerine telefony bilen başagaý bolup oturan gyz‑oglanlary‑da görmek bolýar. Öý telefony bolsun, el telefony bolsun, ony peýdalanmagyň öz edep kadalary bar. Aýdylýan, anyklanmaly maglumatlar örän gysgadan düşnükli bolmaly. Gepleşigiň wagtyny, mümkin boldugyndan, tygşytly peýdalanmalydyr. Aşakdaky iki sany telefon gepleşiginden alnan ýazgyny deňeşdirmek arkaly öz pikiriňizi aýdyň.
I gepleşik:
– Allo, allo! Bu kim-aý?
– Allo, aýdyberiň, size kim gerek.
– Neme-laý, Myrat barmaý.
– Ýok, Myrat kitaphana gitdi.
– Be, şeý diýsene, şol gelse, bize gelsin-le.
– Kimlere barmaly?
– Bize-däraý, Jontulara.
– Allo, haçan barsyn diýeýin?
– Aý, özi bilýändir (telefonyň sesi: guk, guk, guk).
II gepleşik:
– Salawmaleýkim!
Sag-gurgun otyrmysyňyz?
– Waleýkimessalam, şükür.
– Bagyşlaň, şu Myratlaryň öýümi?
– Hawa, Myratlaryň öýleri, ýöne onuň özi häzir öýde ýok, kitaphana gitdi.
– Men onuň synpdaşy Janmyrat Ataýew. Siz kyn görmeseňiz, gelende oňa aýtsaňyz-laň, ertir doglan günümi belleýärin hem-de ony ýaş toýuma çagyrýaryn.
– Doglan günüňiz gutly bolsun, men oňa hökman aýdaryn.
– Sag boluň!
– Sag boluň!
Käwagt iki adam arasynda jedel ýüze çykýar. Olaryň biri garşydaşyny sözde ýeňjek bolup, sesiniň ýetdiginden gygyryp gürleýär. Halkymyzyň arasynda «Sözüň rast bolsa, gaty gygyryp gürlemegiň geregi ýok» diýen atalar sözi bar. Islendik meselede jedel dörese, ony goh-galmagalsyz, ygtybarly delilleriň üsti bilen parahat çözmegi endik edinmeli. Häzir radio-teleýaýlymlarda, toý-dabaralarda çykyş edýän ýaşlaryň sözleýiş medeniýetiniň barha ösýändigini, kämilleşýändigini görmek bolýar. Soňky döwürlerde mekdepde geçirilýän dabaralarda çykyş etmek, ýaş toýlarynda birek‑biregi gutlamak okuwçylaryň arasynda däp boldy. Käwagt olar öz isleg-arzuwlaryny beýan edenlerinde tolgunýarlar, utanýarlar. Bu, esasan, utanjaň, ýygra okuwçylaryň köpçülikden sussunyň basylmagy netijesinde bolýar.
Toýdabaralara barlanda söz berilse, berilmese hökman çykyşa taýýarlanyp barmaly. Aýtjak sözleriňi bir kagyza ýazyp, ony ýat tutýançaň, gaýtalap- gaýtalap okamaly. Soň öýde birki gezek türgenleşmeli. Şeýle tertipde 4–5 dabarada çykyş edilse, soň tolgunmak, utanmak öz-özünden aradan aýrylyp gidýär. Toý-dabaranyň mazmunyna laýyk bolaýjak goşgulardan bentleri ýat tutmak gutlaga çeper öwüşgin berer. Çykyşyňyzyň arasynda däninim, hälki, ýaňky, meselemki, -däräý, -laý ýaly sözleri, söz böleklerini ulanmajak bolmaly. Märekäni güldürjek bolup ýa-da olaryň ünsüni özüňe çekjek bolup, başga biriniň göwnüne degmek, mertebesini peseltmek örän biedeplilikdir. Ýaşlar, biziň ata-babalarymyz: «Nämä endik etseň, şo‑da bütin ömrüňe hemra (ýoldaş) bolar» diýip, örän dogry aýdypdyrlar. Aýdýan sözlemiňi ýoýup, arasyna paýyş sözleri garsaňyz, ol bütin ömrüňe endik bolar. Söz diýilýän diliňden sypansoň, ony yzyna alyp bolanok. Adamyň sözleýşi onuň içki dünýäsini, medeniýetini, görüm-göreldesini, bilim derejesini esasy görkezijileriň biridir. Şonuň üçin her bir sözüňe, her bir sözlemiňe örän eserdeň bolmalydyr.
Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 11-nji synplar üçin “Özüňi alyp barmagyň medeniýeti”dersi boýunça okuw kitaby