Dunyanin in gorkunç iti!!
Gelşiksiz it!
"Arahis" diyip atlandyrylyan bu it dunyanin in gelşiksiz iti diyilip atlandyryldy!

ŽIRAFLAR BARADA
Žiraflaryn bedenlerindaki tegmiller edil adamlaryn barmak yzlary yaly gaytalanmazlyk hasiyete eyedirler!
Garynjadan Hat!!
Hormatly öý eýeleri!
Bizi halamaýandygyňyzy bilýäris. Eger bizi çyndan hem öýüňizde islemeýän bolsaňyz, haýyş edýäris, BIZI ÖLDÜRMÄŇ!
Men hyýaryň gabygyny ýigrenýärin. Çykýan ýerimi yzarlap, hyýaryň gabygyny goýsaňyz, men siziň meni islemeýändigiňize düşünerin we öýleriňize girmerin. Hek ýa-da ýönekeý okuw tagtasy heki bilen ýoly çyzsaňyz, men ol çyzykdan hiç haçan geçmerin. Eger-de limony owunjak dograp, girýän ýerleriňize goýsaňyz, biz düşüneris we girmeris. Mundan başga-da, eger sizi birahat etmeýän bolsa, penjiräniň gyralaryna sarymsak çalyp bilersiňiz. Biz sarymsagyň ysyny alan ýerlerimize-de girmeýäris.
Ýöne, haýyş edýäris, çaga pudrasyny sepmäň. OL BIZI ÖLDÜRÝÄR, pudra biziň dem alyş ýolumyzy ýapýar.
Eger siz bulary etseňiz, biz sizi hiç hili birahat etmeris.
Ýöne, unutmaň, öýüňize salmasaňyz hem, gapyňyzyň öňüne bir gap suw goýsaňyz, kiçijik dostlarymyň adyndan size minnetdar bolaryn…
GARYNJA

Balyklar hakynda!
1959-njy ýylda Awstraliýanyň günortasynda çeňňek bilen äpet akula tutulypdyr. Onuň agramy 1208 kilograma barabar.
***
Gök kitiň çagasy haýwanat dünýäsinde iň çalt ulalýan jandarlaryň biridir. Onuň agramy 22 aý 3 hepde geçenden soňra, 26 tonna barabar bolýar.
***
Ýylan balygynda 550 woltluk elektrik togy bardyr.
***
Günorta Amerikanyň suwlarynda ýaprak balygy ýaşaýar. Ol balyk mele reňkde bolýar. Bu balyk özüne howp abananda, ýaprak ýaly bolup suwuň ýüzüne çykýar. Onuň burnunda ýapragyň baldagyna meňzeş çykyndy bar.
***
Balyklaryň gabaklary ýokdur. Olaryň gözleri elmydama açyk bolansoň, uklamaýandyrlar diýip pikir edýäris. Ýöne olar hem beýleki janly-jandarlar ýaly beden hereketlerini gowşadyp uklaýarlar. Emma balyklaryň ukulary agyr däldir. Sähelçe suw tolkuny olary ukudan oýaryp bilýär.
***
Gurbaga balygynyň çeňňege meňzeş murtlary bardyr. Olar suwuň içinde towlanyp durýarlar we edil çeňňegiňki ýaly gaňyrçak bolup durandyr. Gurbaga balygy aw awlajak wagty çägäniň ýa-da bir oýugyň içinde gizlenýär. Onuň gaňyrçaklaryna kiçi balyklar ilýär. Gurbaga balygy-da olary derrew ýuwudýar.
***
Bedeninde kümüş reňkinde menekleri bolan pirana balygy, balyklaryň iň howuplysy hasaplanýar. Bu balyk Günorta Amerikanyň Amazonka derýasynda ýaşaýar. Pirana balygynyň gylyç ýaly ýiti kesgir dişleri bar. Pirana sürüsi bir jandara duşsa, az wagtyň içinde ony parçalap, süňklerine çenli gemirip iýip bilýär.